gorkak

gorkak
Batyr däl, towşan ýürek, gorkup ýören.
∙ Gorkaklar, namartlar, dönükler bolsa masgaralanýar we galyndyrmaz gargyş aşagynda galýarlar. (A. Gowşudow, Mahri-Wepa)
∙ Kakam könelişen garry adam, sen ondan hem beter gorkak bolupsyň. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Ol pikir meni göterip, namyssyz, gorkaklar hatarynda goýdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Gorkagy kowsaň, batyr bolar. (Nakyl)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem gorkak - gorkagy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»